Mazmuna geçiň

Abdylkadyr

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Abdylkadyr Jezaýyry
Doglan wagty we ýeriAbdylkadyr İbn Muhýiddin İbn Mustafa El Hasani El Jezaýyry
Sentýabr 6, 1808(1808-09-06)
Guetna, Cezayir-i Garp Welaýaty, Osmanly Imperiýasy
Aradan çykan wagty we ýeriMaý 26, 1883(1883-05-26)
Şam, Siriýa Welaýaty, Osmanly Imperiýasy
KäriÝolbaşçy Esger
MilletiArap
EtnikasyAlžir

Abdylkadyr (1808-1883) - alžir halkynyň fransuz kolonizatorlaryna farşy azat edijilik göreşinde ýolbaşçysy. Alžiriň milli gahrymany. Onuň asly gurply feodal urugyndan bolupdyr. 1832-nji ýylda Günbatar Alžiriň taýpalary Abdylkadyry hökümdar edip saýlaýarlar (tiz wagtda ol emir titulyny alýar). Talantly serkerde, akylly we gujurly syýasatçy Abdylkadyr 1832-47 ýyllarda Alžirdäki fransuz okkupantlaryna garşy gozgalaňa ýolbaşçylyk edýär. Abdylkadyr alym, operator we şahyr hökmünde Alžirde halk mekdepleriniň döredilmegine ýardam edýär, gymmatbahaly golýazmalaryň kitaphanasyny döredýär. 1847-52 ýyllarynda Fransiýada ýesirlikde bolýar; soňra Damaskide ýaşaýar we ol ýerde din taglymaty bilen meşgullanýar. 1860-njy ýylda Damaskide guralan hristiýan gyrgynçylygy wagtynda, ol druzlaryň hem-de maronitleriň arasyndaky duşmançylygyň bes edilmegi ugrynda çykyş edýär.

pFad - Phonifier reborn

Pfad - The Proxy pFad of © 2024 Garber Painting. All rights reserved.

Note: This service is not intended for secure transactions such as banking, social media, email, or purchasing. Use at your own risk. We assume no liability whatsoever for broken pages.


Alternative Proxies:

Alternative Proxy

pFad Proxy

pFad v3 Proxy

pFad v4 Proxy