Mazmuna geçiň

Filosofiýanyň taryhy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Gadymy döwür (antik döwür) filosofiýasy diýlende dar manyda grek filosofiýasy bilen bu filosofiýadan dörän ellinizm-rim filosofiýasy göz öňünde tutulýar. Belli bir taryhy döwri suratlandyrmak üçin ulanylýan gadymy döwür (antik döwür) garaýşy, mälim bolşy ýaly, juda giňdir. Bu döwür ilkinji ýazuw ýadygärlikleri saýasynda başlanýar, bu bolsa takmynan IV müňýyllykdan, b.e. soňky 476-njy ýylynda Günbatar rim imperiýasynyň çöküşine çenli dowam edipdir. Bu uzak ýyllaryň aralygynda köp sanly medeniýetler döräp ösüp kämilleşipdir. Uzak gündogar we Hindistan medeniýetiniň ýaýran ýerlerini bir tarapa goýup, diňe Orta ýer deňziniň töweregindäki esasy medeniýetleriň üstünde durup geçmek filosofiýa taryhynyň ýörgünli tärlerinden biri bolup gelipdir. Olardan, hususan-da, -Müsür, Mesopotamiýa (Şumer, Akkad, Wawiloniýa, Assiriýa), Hettler, Finikiýa, ýahudy, grek, pars, rim, Karfagen medeniýetlerine gabat gelmek bolýar. Gadymy döwür (antik döwür) düşünjesi, tutuş şol siwilizasiýalary düzüminde jemläpdir. Beýle bolsa näme sebäpden gadymy döwür (antik döwür) filosofiýasy diýlende, diňe grek filosofiýasy bilen mundan emele gelen filosofiýalar göz öňünde tutulyp gelnipdir? Neme sebäpden müňlerçe ýyllap dowam eden bu döwür, filosofiki jähtden ösüşi diňe greklere mahsus hasaplanypdyr? Şeýlelikde gadym döwri bitewi ýagdaýda seljermek dogry hasaplap bolmazmyka? Dogry hasaplamak ýerlikli bolmazdy, çünki mälim bolşy ýaly häzirki wagtda bilinýän manysyndaky filosofiýany ilkinji bolup ýola goýan, döreden gadymy grekler bolupdyr. Bu hili filosofiýa, nusgawy gadymy döwür ýa-da antik döwür diýlip atlandyrylýan, diňe grek we rim medeniýetlerini düzüminde jemleýän, b.e. öň VII asyrdan başlap, b.e. soňky V asyrda tamamlanan döwürdäki filosofiýany aňladýar. Şoňa görä müň ýyldan agdyk wagtlap dowam eden seneleriň we geçmişiň hasylydyr. Şol sebäpden döwürler boýunça çäklendirilýän formasy saýasynda gadymy döwür (antik döwür) filosofiýasyna “antik filosofiýasy” diýilýär. Şoňa görä antik filosofiýasy diýlende, aslyýetinde, grek filosofiýasy bilen bir hatarda mundan hasyl bolan ellinizm we rim filosofiýasy dünýägaraýşy göz öňünde tutulýar. Ynha, biziň birinji bölümde derňejek temalarymyzyň biri hem şol antik filosofiýasy barada bolar. Grek medeniýeti bilen onuň usulyna eýerýänleriň çäklerinden daşardaky siwilizasiýalarda, iň bolmanda başlangyç tapgyrynda filosofiýa meňzeş bir zatlar bolmandyrmy? Elbetde bolupdyr, çünki haýsy medeniýet basgançagynda bolaýanda-da, her bir jemgyýetiň bir tarapdan käbir dini dünýägaraýşy, özüne mahsus mifleri, ertekileri beýleki bir tarapdan bolsa tebigat we daşky gurşaw barasynda käbir maglumatlar ýygyndysy bolupdyr. Bu mifler oýlanyşyksyz ýagdaýda iş alyp barýan ynsanlaryň we dörediji kollektiwiň hyýal güýjünden ýüze çykypdyr. Ýörelgeleriň we tradisiýalaryň saýasynda nesilden-nesle geçýärler, kä halatlarda bularyň gelip çykyşynyň taňrydadygyna ynanylypdyr, şonuň üçin bulara nähili bolsalar edil şonuň ýaly, görnüşleri ýaly ynanylypdyr. Emma miflerden aýratynlykdaky gürrüňi edilýän akyl ýetiriş bolsa, aýry-aýry kişileriň ýa-da nesilleriň ýörelgelerinden, amaly maksatlar jähtden tebigat barada pikir ýöretmelerden emele gelipdir. Bu amaly akyl ýetiriş ynsana barlygyny gyzyklandyrýan belli käbir tebigat hadysalaryna az ýa-da köp hökmürowan bolmak mümkinçiligini beripdir. Indi, gürrüňi edilen miflere “Bu älem nähili ýüze çykyp nirä barýar?”, “Bu dünýäde ynsanyň orny we ýazgydy nämeden ybarat?” ýaly sowallara, bu iň ahyrky sowallara belli bir jogap berilipdir. Bu jogaplar bolsa boluşlary, görnüşleri ýaly kabul edilipdir, bulara hiç hili şüphe duýmazdan ynanylypdyr, bular bolsa diňe ynanjyň meselesi we predmeti diýlip hasaplanypdyr. Emma/ýöne haýsydyr bir ýerde we belli bir döwürde şeýle bir wagt gelip ýetipdir welin, bu jogaplar bilen ynsany mundan beýläk aldatmak mümkin bolmandyr, ynsan ýokarsaky setirlerde gozgalan ahyrky sowallar barasynda mundan beýläk özi hem pikirlenmäge başlapdyr; din bilen bilelikde ýörelgelerden gelip çykan jogaplar bilen çäklenmezlik bilen bir hatarda akyl ýetirmek islegine öz akyly bilen, öz ýörelgeleri saýasynda ýetmek üçin iş alyp barypdyr. Ynha, onda ynsanyň öz tapanlary bilen dini ýörelgäniň hödürleýän çözgütleriniň arasynda belli bir çaknyşma başlanypdyr; şondan soň ynsan diniň düşündirişlerden gelip çykan netijeler bilen baglanyşykda tankydy orny eýeläp başlapdyr; bulara gözi ýapyk ynanmazlyga başlapdyr, bularyň dogrusyny egrisinden tapawutlandyrmaga, tankyt etmäge ymtylypdyr. Amaly akyl ýetiriş jähtden bolsa bu ýagdaýy şu görnüşde beýan edip bolar: bu ýerde şeýle bir wagt, pursat gelýär welin, ynsan akylyny we ýörelgelerini, diňe barlygyny dowam etdirmek üçin gerekli praktiki-tehniki akyl ýetirişi edinmek ýolunda ulanmak bilen çäklenmän başlaýar; diňe bilmek üçin bilmegi talap edýär, şeýlelikde “praxisiň” ýokarsyndaky “theoriaýa” beýgelýär, şeýlelikde bolsa bilime ýetilýär, ynha, filosofiýa şol pursatda, bu hili ýagdaýda emele gelmäge başlapdyr. B.e. öň VI asyrda grek siwilizasiýasy, hakykatdan-da, bu hili ýagdaýda özgerip kämilleşmäge başlapdyr. Şol döwürde grekler üçin mukaddes ýörelgeleriň döwri tamamlanmaga başlapdyr: diniň we ýörelgäniň ýola goýan dünýä garaýşy sarsylypdyr, munuň ornuny, ýeke-täk kişiniň özüniň akyly, özüniň ýörelgeleri bilen döretmäge synanyşýan bilime daýanmak isleýän belli bir meýilnama öwrülmäge başlapdyr. Ynha, filosofiýanyň adynyň hem, özüniň hem VI asyryň grek medeniýetindäki şol özgermesine borçludyr. Häzirki wagtda türkmen dilinde hem ulanýan filosofiýa adalgasy, grek dilinde philosophia sözünden gelip çykýar. Filosofiýa “philosophia-nyň” rus dilinde ulanylýan formasydyr. Tükmen dilinde bolsa arap diliniň üsti bilen gelip ýeten “pelsepe”, “felsefe” görnüşine eýe bolupdyr. Philosophia iki sany sözden emele gelip, iki aýratyn manyny bildirýän adalgalardan ýasalypdyr, ýagny bu adalga “philia” bilen “sophiadan” emele gelipdir. Birinjisi söýgi, ikinjisi paýhas, hikmet giň manysynda bolsa bilim/akyl ýetiriş diýmekligi bildirýär. Muňa görä philosophia, aslynda, bilimi, hikmeti söýmek diýmekligi alamatlandyrýar. Platonyň şägirtlerinden Geraklid Pontiýskiýniň (385-322/10) beýan edişine görä “philosophia” adalgasyny ilkinji bolup Pifagor ulanypdyr. Pifagor özüne “philosophos” (filosof) diýipdir. Çünki oňa görä “sophia” paýhas ýa-da bir kemsiz dogry diňe taňrylara mynasypdyr; ynsana bolsa diňe “philosophia”, ýagny bilimi, hikmeti söýmeklige, şoňa görä-de diňe oňa ýetmeklige synanyşmak ýaraşýar. Geraklid Pontiýskiýniň bu beýan edenleriniň dogrudygyna ynanmak juda çetindir. Bu ýerde sophia bilen philosophia birek-biregiň gapma-garşy şeýle bir ýagdaýda ýerleşdirilipdir welin, bu deňeşdirme degişli temalarda düşündirilişi ýaly Sokrat bilen Platonyň sofistler bilen göreşişini ýada salýar. Hakykatdan-da Sokrat bilen Platon öz bilimsizligini bilmelerini, ýagny nämäni bilmeýändiklerini bilmelerini hakyky (real) bilimiň çeşmesi hasaplapdyrlar, muňa derek bolsa sofistler çiýşirilen, esassyz bilimlerini öňe sürüpdirler. Geraklid Pontiýskiý philosophia adalgasyny ilkinji bolup Pifagoryň hem-de bu manyda ulanandygyny öňe sürüpdir, halypasy Platonda synlap göz ýetiren bu deňşirmäniň juda uly täsirine sezewar bolandygyny görmek bolýar. Emma Geraklid Pontiýskiniň aýdanlary taryhy jähtden dogry bolmasa hem philosophia adalgasynyň şol döwürlerde gazanan manysyny juda ýerlikli, nepis beýan edipdir. Şoňa görä philosophia durman, säginmän, dynç alman bilimi, hakykaty agtarma işidir. Pikirlenme bilen bolsun, tejribe bilen bolsun, bu ýerde ýetmeklik meýilleşdirilýän zat reallyk, hakykat bolup durýar. Filosofiýa hakykaty agtarmagy, ony ýüze çykarmagy talap edýär, şonuň üçin iş alyp barýar; gazanylanlary bu maksada laýyk jähtden boýdan-başa gözden geçirýär, tankydy süzgüçden geçirýär. Gysgaça aýdylanda philosophia bilimi söýmekdir, oňa ýetmek, ony küýsemek ýoluna girişmekdir, ony gazanmak üçin edilýän irginsiz aladadyr. Munuň tersine bu hikmetiň daşky görnüşi boýunça kemçiliksiz ýagdaýda, gazanylanlara ynanma bar. Bu bolsa akyl we synlamadan çykarylmaýan, bolşy ýaly kabul edilen ynançdyr. Ýokardaky setirlerde bellenilip geçilşi ýaly, sözüň doly manysynda filosofiýa ilkinji gezek gadymy Gresiýada gabat gelmek bolýar. B.e. öň VI asyrda, şol döwürde Ioniýa diýlip bilinýän şäherde (takmynan aýdylanda häzirki Izmir we Aýdyn welaýatlary hem-de bularyň gabadyndaky adalar) käbir akyldarlara gabat gelmek bolýar. Bular işlerine “peri physeos” (tebigat barasyndaky) häsiýetli diýip atlandyrypdyrlar. Bu işler tebigatyň, älemiň ylmy häsiýetini suratlandyrmak üçin amala aşyrylan ilkinji synaglardyr, şol sanda dini häsiýetli dünýä garaýyşyndan tapawutlanýan ilkinji filosofiýa degişli ýazgylardyr. Ynha, Ioniýada gabat gelýän bu özgerme bilen grek filosofiýasy başlapdyr. Mysal üçin, mälim bolşy ýaly bu özgerme soň gönümel Platon bilen Aristoteliň saýasynda grek filosofiýasyny ýokary basgançaga ýetirýär. Ioniýada duş gelinýän bu özgermeden öň hiç bir ýerde bu görnüşdäki garaýyşlara, bu görnüşli ýazgylara gabat gelmek mümkin bolmandyr. Hindistan medeniýetiniň juda çuň düşünjeleri düzüminde jemleýän meşhur “Upanişadlary” hem, ikuçsyz, dini häsiýete eýe bolupdyr. Bularda tebigat barasyndaky käbir garaýyşlara duşmak bolýar. Emma bular Ioniýa akyldarlarynyň ýazgylarynda bolşy ýaly, tebigatyň howlukmaç pikir ýöretmelerden çetde, garaşsyz bolup belli bir seljerme bolman, din nukdaýnazaryna baglylykda amala aşyrylan düşündirişlerdir. Grek filosofiýasyny gündogardan gelen täsirlerden döretmek synanyşyklary amala aşyrylylypdyr. Bu synaglaryň has gadymy döwür (antik döwür) ahyrlarynda amala aşyrylandygyny görmek bolýar. Mysal üçin, ýahudylar, täze pifagorçylar, täze platonçylar bilen hristianlar grek filosofiýanyň gelip çykyşynyň gündogardan gözbaş alýandygy barasyndaky garaýşy ýaýradypdyrlar. Mysal üçin, b.e. II asyrynda ýaşap geçen Apameýli Numeniý (häzirki Siriýanyň Hama şäherinden) adynda täze pifagorçy “Platon attika dili bilen gürleýän Musadan başga, özge biri däldir” diýipdir. Aýratyn hem elealylarda Hindistan, pifagorçylarda Hytaý, Geraklitda pars, Empedoklda -Müsür, Anaksagorda ýahudy dininiň täsirleriniň bardygyny öňe sürüpdirler. Häzirki döwre çenli gelip ýeten barlaglar, käbir jähtden haklydyrlar, emma köp sanly süteme sezewar bolýarlar. Çünki barlyklaryň özeni, gurluşy barasyndaky erkin akyl ýetiriş bolan grek filosofiýasy, gündogar dinlerinden alnan dürli dünýägaraýyşlar bilen beýan etmek ýerlikli hasaplanmandyr. Muny bilim/akyl ýetiriş babatynda aýdyň ýagdaýda görmek bolýar: ilkinji grek akyldarlary käbir (maglumatlaryny, elbetde, gündogardan alypdyrlar; şol sanda, ylaýta-da geometriýa degişli bilimi müsürlilerden, astronomiýa degişli bilimi bolsa wawiloniýalylardan edinipdirler. Emma grekleriň gündogardan öwrenen bilimleri, bu bilme serişdelerini gaýtadan işlemekde we olardan peýdalanmakda ýola goýmagy başaran işleri grek akyl ýetirişiniň, başga, özge hiç bir ýerde gabat gelmeýän rowaçlygyny juda aýdyň ýagdaýda görmek bolýar. -Müsür geometriýasy amaly-tehniki talaplaryň netijesinde hasyl bolupdyr: ülke üçin derwaýys ähmiýeti bolan Niliň her ýylky daşgynlarynyň öňüni almak, şonuň üçin kanallar gazmak mejburlygy, bu hajat -Müsür geometriýasynyň ýüze çykmagyna getiripdir. Şeýlelikde dörän/ýüze çykan bu geometriýa praktika baglylykdan hiç haçan üzňe bolmandyr. Müsürliler döreden geometriýa degişli teoremalaryny empirik usul saýasynda amala aşyrypdyrlar; şonuň üçin hem, mysal üçin tekizligi ölçemekde ulanylan formulalary häzirki geometriýada bolşy ýaly käbir “axioma” we kesgitlemelere daýanýan sistemany emele getiripdirler; bular özbaşdak ýagdaýda ýa-da dagynyk ýagdaýda bolup, olaryň özaralarynda belli bir baglanyşyk bolmandyr. Ynha, grekleriň bu ugurda ýeten ägirt uly üstünligi müsürlileriň bölek-bölek maglumatlaryndan belli bir sistemany ýaýbaňlandyrmak; giňeltmek; çuňaltmak, diňe tehniki häsiýete eýe bolan maglumatlardan teoretiki bilim döretmekden ybarat bolupdyr. Fales, Pifagor, Ýewklid bu häsiýetdäki geometriýanyň döredilmeginde orun eýeleýärlar. Şol döwürlerde Gündogarda ýokary basgançaga eýe bolan başga, özge bir bilim pudagynda, ýagny astronomiýada hem ýagdaý şonuň ýaly bolupdyr. Wawiloniýalylaryň meşhur astronomiýasy ýyldyzlara çokunýan wawiloniýalaryň dinine daýanypdyr, bu diniň we praktikanyň hyzmatynda bolupdyr. Ýyldyzlaryň üstünde geçirilen düýpli gözlegdir barlaglar, güneş we aý tutulmalarynyň hasaplanmagynda, hemişe dini-amaly maksatlar nazarda tutulypdyr. Bu ýerde bolsa grekler wawiloniýalaryň baý synlama serişdelerinden, abzallaryndan peýdalanypdyrlar, emma netijede bu praktikanyň emrindäki dagynyk serişdelerden Anaksimandrdan Ptolemeýe çenli geçirilen ylmy işlerde asman jisimleriniň ylmy häsiýetde suratlandyran teoriýa ýola goýlupdyr. Bu maglumatlardan mälim bolşy ýaly grekler, hakykata we bilime, hakykatyň we bilimiň dabaralanmagy üçin gönükdirilen ylmyň, filosofiýanyň ilkinji döredijileridir. Bu hili zady bolsa sowada, bilimiň özüni dabaralandyrmak üçin ýetilmek barasyndaky arzuwa gadymy gündogaryň hiç bir ýerinde gabat gelmek mümkin bolmandyr. Gadymy gündogar siwilizasiýasynda bilim/akyl ýetiriş bilen ýa dini jähtden, ýa-da tehniki jähtden gyzyklanylypdyr. -Müsür we Wawiloniýa mysallarynda gabat gelşi ýaly grek filosofiýasynyň gelip çykyşyny Gündogarda gözläp tapmak üçin alada etmek, bir tarapdan gündogaryň rowaýata öwrülen hikmetiniň bardygy barasyndaky ynanjyna daýanýar; beýleki tarapdan bolsa gadymy döwrüň (antik döwür) ahyrlarynda gündogar we grek hikmetini giň dini-filosofiki sinkretizminiň düzüminde garyşdyryp ýugurmak meýlinden ýüze çykandygyny aýtmak hem bolar. Gadym döwürde filosof tipine hem diňe Gresiýada gabat gelmek mümkin bolupdyr. Bir tarapdan ýaşaýşynyň iň ýokary maksadyny bilimde tapýan, bilmek üçin ýaşaýan; beýleki tarapdan edinen, öwrenen bilimini ýaşaýşyna esas edip kesgitlemek isleýän filosof diýlip atlandyrylýan bu ynsan tipi diňe Gresiýada bolupdyr. Fales, Protagor, Empedokl bu häsiýetdäki ynsanlar üçin tipik mysaldyr. Gadymy gündogar medeniýetiniň hemmesinde gabat gelýän guramaçylykly nyzam, taňry bilen bendäniň arasynda araçylyk edýän, şol sebäpden gizli, syrly käbir güýçlere eýedigine inanylýan ýapyk ruhanylar kastasy, Gresiýada hiç haçan bolmandyr. Bu ýerde din adamsynyň deregine barlag geçirijä, parasatly dana, akyldara gabat gelmek bolupdur. Bu akyldar tipi bolsa, juda uly bir sylagyň meselesi bolupdyr. Pifagor we beýleki akyldarlarda gabat gelşi ýaly, bu akyldarlaryň ady wagtal-wagtal başga, özge milletleriň pygamberleri, erenleri ýaly belli bir rowaýata öwrülipdir. Bu akyldarlar iň bärkijesi ilki başlarda, mekdep bilen akademiýanyň arasynda bir status hökmünde kabul edilen gurşawyň agdyklyk edýän merkezinde orun eýeläpdirler. Bu ýerde öwretmek we öwrenmek bilen bir hatarda ylmy işleri geçirmek üçin iş geçirilipdir; bu gurşawyň akyldarlaryň her haýsysy bilim gurnaklary, aýry-aýry bilim tarykaty ýaly häsiýetde bolupdyr. Şol döwrüň akyldarlary syýasatda-da liderlik ornuny eýeläpdirler. Başlangyçda gabat gelýän şol filosof tipinden soň, haýaljakdan bir tarapdan ýaşaýyşdan has çuňrak manyda gönümel öz akyl ýetiriş dünýäsine gönügen, ymtylýan ulama, barlag geçiriji, maglumat ýygnaýjy tipi Anaksagor, Demokrit, iň soňunda bolsa Aristotelde gabat gelmek mümkin bolupdyr. Beýleki bir tarapdan bolsa, hususan-da, ýaşaýşa ymtylýan amaly filosof, ýaşaýyş ussasy, tälimçi tipi ösüp kemala gelipdir. Sokrat şol tipiň tutuş gadymy döwür (antik döwür) üçin iň uly mysaly bolupdyr. Grek filosofiýasynyň soňky döwürlerinde, has takygy günbataryň bilimi bilen gündogaryň dini medeniýetiniň utgaşan şol döwründe, hususan-da, dini hyjuw bilen beslenen halas boluşy salgy berýän tipi görmek bolýar. Bu gürrüňi edilenlerden gelip çykan maglumatlary göz öňünde tutsak, ýagny häzirki manysynda bilim we filosofiýanyň sallançagynyň gadymy Gresiýa bolup durýandygyny kabul etsek, grek filosofiýanyň ägirt uly ähmiýeti öz-özünden aýan bolýar. Grek akyl ýetirişi bilim we filosofiýany döreden häsiýeti bilen, ýönekeý, adaty bir taryhy ylmy barlagyň predmeti hem däldir. Ýewropa medeniýetiniň tutuş günbatar medeniýet gurşawynda kemala gelen dörediji akyldarlaryň häzire çenli dowam edip gelen esasy prinsipleriniň çeşmesi şol sanalan aýraynlyklar bolup durýandygy üçin üstünde has çuňrak durup geçmek möhüm ähmiýete eýedir. Diňe praktika ýaraýan bilimi ýygnamak bilen, diňe diniň talaplaryny üpjün edýän hyýal güýji bilen bezelen göz öňüne getirmeden ybarat diýip çäklenmeýän grekler esaslandyrylan, bitewilikde jemlenip ýygnalan maglumatlara/akyl ýetirişe ýetmäge çemeleşipdirler. Şonuň üçin grek filosofiýasynyň taryhy diýmek, ilkinji nobatda Günbatar biliminiň döreýşini görmek, göz ýetirmek diýmekligi bildirýär. Emma grek filosofiýasynyň taryhyndan ýene-de aýry-aýry bilimleriň emele gelişleriniň taryhyny ýüze çykarmak bolýar. Çünki pikir ýöretmäniň mifologiýadan we gündelik ýaşaýyş tejribesinden bölünip aýrylmagy bilen ýüze çykan bilim öz düzüminde ýuwaş-ýuwaşdan şahalara bölünip ugrapdyr. Bilim/akyl ýetiriş serişdeleriniň birigmegi we organiki ýagdaýda böleklere bölünmegi sebäpli ilki başlarda ýönekeý we ýapyk bitewilige eýe bolan bilimden barha, aýry-aýry bilimler bölünip aýrylyp, hil taýdan az ýa-da köp özbaşdak özgermäge başlapdyr. Filosofiýanyň gadymy Gresiýada gürrüňi edilen şol başlangyçlary, onuň soňky, häzire çenli dowam edip gelen özgerişiniň we kämilleşmeginiň esasy ölçegleriň biri bolupdyr. Grek filosofiýasy ýüze çykarylan onçakly ýaýbaň bolmaýan bilim/akyl ýetiriş serişdeleriniň üsti bilen ylmy ýagdaýda işlemek üçin gerekli akyl ýetiriş galyplary agtarylyp tapylypdyr, amaly-dini aladalardan garaşsyz bolup dünýä, älem barasynda bolup biljek ähli pikirler orta atylypdyr. Antik döwre mahsus pikir ýöretmäniň häsiýetli aýratynlygy bilen onuň taryhynyň öwrediji ähmiýeti ynha şolardan ybaratdyr. Günbatar medeniýet gurşawyndaky häzirki dünýä garaýşy hem, dilleri hem antik filosofiýanyň gelip ýeten netijeleri bilen utgaşykda, şol netijelerden ýugrulyp ýasalan ýagdaýdadyr. Grek filosofiýasy günbatar siwilizasiýasynyň dünýä garaýşynyň, bu garaýşa daýanýan üstünlikleriniň esasy gözbaşydyr. Ýokardaky setirlerde antik filosofiýasy bilen grek filosofiýasy adalgalary kä ýerlerde deňmanyly ýagdaýda ulanyldy. Gadym döwrüň grek we rim taryhlaryny öz düzüminde jemleýän döwürlerine “antik döwür” diýilýändigi göz öňünde tutulsa antik filosofiýanyň hem grek we rim filosofiýalaryny düzüminde jemleýändigi gelip çykýar. Emma grek filosofiýasy bilen bir hatarda özbaşdak bolan, garaşsyz bolan rim filosofiýasyndan gürrüň edip bolmaýar. Çünki mälim bolşy ýaly rimliler filosofiýa täze, original diýlip bilinjek onçakly täze zatlary goşant edip bilmändirler; düşünjeleri, grekleriň ýola goýanlaryndan ybaratdyr diýilse-de bolar. Beýleki tarapdan Aleksandr Makedonskiniň ýörüşlerinde grek siwilizasiýasy Orta ýer deňziniň gündogaryna, tä Aziýanyň içlerine çenli ýaýrapdyr. Ellinizm (gündogar Orta ýer deňziniň töwereginiň ellenleşmegi medeniýet taýdan grekleşmegi) diýlip atlandyrylýan şol prosesde, elbetde, grek filosofiýasy hem gündogara baryp ýetýär we şeýlelikde gündogar Orta ýer deňzinde, iň ähmiýetlisi Aleksandriýa bolan, täze bilim merkezleriniň döredilmegine sebäp bolupdyr. Şol döwrüň esasy akyldarlary grek dilinde eser ýazanlar gündogarlylar bolupdyr. Bu ýerde hem esasy grek filosofiýasydyr; emma/ýöne düzümine kökleri Gündogardan gelip çykan köp sanly pikir ýöretmäniň gatyşyp-garyşan grek filosofiýasydyr. Grekleriň syýasy taryhynda üç döwür bar. Bulara ugurdaş ýagdaýda grek medeniýetiniň taryhyny hem üç sany döwre bölmek mümkin: Syýasy ýaşaýyşlarynyň ilkinji döwürlerinde grekler, aýry-aýry taýpalar, garaşsyz şäherler bolup, aralarynda ýygy syýasy baglanyşyk ýok ýagdaýynda ýaşapdyrlar. Ilkinji döwürde akyl ýetiriş ulgamy hem, filosofiýa hem birek-birekden juda garaşsyz bolan aýry-aýry merkezlerde ösüp kämilleşipdir. Şol ýerlerde, şol bir wagtda syýasy orun eýelän akyldarlar ýitelip, filosofiki ýörelgäniň ilkinji esaslaryny ýola goýupdyrlar. Şol döwrüň ahyrlaryna dogry gezende bolup ýaşan käbir halypa mugallymlaryň ýüze çykandygyny, filosofiýa bilimini şäherden şähere äkidendiklerini görmek bolýar. Pars söweşlerinde üstünlik gazanylmagy Gresiýanyň syýasy durmuşynda, ýaşaýşynda ikinji döwrüň başlanmagyna ýola açypdyr. Şol döwürde grekleriň özaralarynda azda-kände syýasy bileleşigi döredipdirler, medeniýet jähtden hem belli bir birlige ýetipdirler. Afinynyň ýerleşýän Attika sebitiniň grek medeni durmuşynda, ýaşaýşynda liderligi ele almagy şol döwürde bolup geçipdir. Şol sanda Afinyda emele gelen iki uly filosofiýa sistemasy Platon filosofiýasy bilen Aristoteliň filosofiýasy, özlerinden soňky döwre, tä häzirki wagta çenli tarap, ugur görkeziji ähmiýetli belli bir täsir ýetiripdirler. Şeýle beýan etmek hem bolar, ýagny bu täsir bolmasa onda günbatar düşünjesini göz öňüne getirmäge mümkinçilik bolmaýar. Aristotel Aleksandr Makedonska halypalyk edipdir. Aleksandr Makedonskiniň ýörişlerinde hem grek syýasy ýaşaýşynyň üçünji döwri başlapdyr (ellinistik döwür), şol sanda grek akyl ýetiriş ýaşaýşy täze merkezleriň döremegine getiripdir, bolup geçen şol syýasy wakalaryň netijesinde Afiny, ýuwaş-ýuwaşdan öz ähmiýetini ýitirip başlapdyr. Daşgynrak seredilende grek filosofiýasy bu hili özgermäni başdan geçiripdir. Bu filosofiýanyň çäklerinde seljerilip derňelen temalaryň neneňsi özgerendigini görmek islesek, şu aýratynlyklara gabat gelmek bolýar: 1. Ilkinji döwürlerinde grek filosofiýasy tutuşlygyna diýen ýaly daşarky tebigata, jisimleriň özboluşly gurluşyny aýan etmäge ymtylýan tebigat filosofiýasy. 2. Mundan soň ynsana bolan gyzyklanmanyň ýüze çykmagy, nusgawy döwrüň giň gerimli sistemalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. Bu sistemalarda taňry, ynsan we tebigat meselelerine akyl ýetiriş ulgamynda olara özara baglanyşykda akyl ýetirmek göz öňünde tutulypdyr. 3. Aristoteliň öz filosofiýasy bilen özünden soň onuň mekdebinde özgeren we birigen juda baý bilim/akyl ýetiriş ussatlary aýry-aýry bilimleriň garaşsyzlygyna, her bilim/akyl ýetiriş şahasynda aýratyn işleriň amala aşyrylmagyna sebäp bolupdyr. Şondan soň her bir zady, ähli meseleleri düzüminde jemleýän sistemanyň deregine öz aralarynda barha tapawutlanmaga başlan bilimleriň kompleksi ornaşdyrylyp ugrapdyr. Filosofiýa bu baglanyşykdan bölünip aýrylypdyr, onuň paýyna bolsa dünýä we ýaşaýyş barasyndaky garaýyşlar bilen baglanyşykly umumy meseleler bilen meşgullanmak bilen çäklendirilipdir. Aristotelden soňky filosofiýa, öňi bilen, dogry ýaşaýşy görkezip, ýüreklere aram berýän belli bir dünýä garaýşyna ýetirjek ýoly agtarýan taglymata öwrülipdir. Bu häsiýeti bilen bolsa hil taýdan pes ýa-da ýokary ähmiýete eýe amaly filosofiýa, magaryfçylar üçin hem diniň ornuny eýeleýän filosofiýa bolupdyr. Bu özgerme antik filosofiýanyň soňky döwrüne geçişi alamatlandyrypdyr. 4. Bu soňky döwürde antik filosofiýa barha, hususan-da, dini elementler gatyşyp ugrapdyr. Bularyň arasynda gündogardan gelenleri hem bar, mysal üçin, şol sanda Hindi we -Müsür dinlerinden gelip cykan käbir pikirler, käbir antik akyldarlara bolan küýseg hökmünde garalypdyr. Ahyrky netijede köpçüligiň dine bolan mätäçligini, talaplaryny has ýerlikli aradan aýyrýan hristianlygyň ýüze çykmagy bilen bu döwür hem tamamlanypdyr, şeýlelikde antik filosofiýa hem netijelenipdir. Antik filosofiýany seljerýän esasy çeşmelere göz gezdireliň: 1. Ilkinji grek filosoflarynyň eserleri diňe fragmentler (bölekler) görnüşinde gelip ýetipdir. Bulary bolsa soňrakky döwürlerde ýaşap geçen ýazarlaryň eserlerinde salgylanmalar (sitatalar, citation) görnüşinde gabat gelmek bolýar. 2. Platon bilen Aristoteliň iň ähmiýetli eserleri häzirki döwrümize gelip ýetipdir. 3. Gadymy stoaçylar, epikýurçylar bilen skeptiklerden hem diňe käbir fragmentler gelip ýetipdir. 4. Has soňky döwürden häzirki döwrümize gelip ýetenleri bolsa şulardan ybaratlardyr: a.Rim stoasyndan Seneka, Epiktet, Mark Awreliý bilen Sijeronyň; b.Skeptiklerden Sekstus Empirik bilen aliksandriýaly Filonyň eserleri; ç.Täze pifagorçylardan gelip ýeten edebiýatlar we ýazuw ýadygärlikleri; d.Plotin Enneadlary; e.Täze platonçylardan käbir eserler, ylaýta-da, Proklyň täze platonçylaryň we beýlekileriň Platon bilen Aristoteliň işleri barasyndaky düşündirişleri (kommentariýalary). Bu original eserler bilen bir hatarda gadym döwürde ýene-de filosofiýa taryhlary bar. Bu babatda ilkinji gezek edilen synanyşyk babatynda Aristoteliň işini görmek bolýar: Aristotel özünden öňki filosoflaryň garaýyşlary barasynda, nobaty gelende, yzygiderlikde gürrüň gozgapdyr. Metafizikanyň başynda, özünden öňki filosofiýanyň taryhyny umumyrak ýagdaýda seljeripdir. Sokratdan öňki filosoflaryň döredijiligi babatynda maglumat edinmek jähtden juda uly ähmiýete eýedir. Aristoteliň şägirtlerinden Teofrast hem gadymy filosoflaryň garaýyşlaryny beýan edýän filosofiýanyň taryhyny ýazypdyr. Ýöne onuň işiniň, gynansak-da, diňe kiçijik bir bölegi häzirki döwrümize gelip ýetipdir. Teofrast “doxograflar” edebiýaty diýlip atlandyrylýan görnüşli işleri taýynlapdyr. Doxograflarda filosoflaryň orta atan filosofiki meseleleri jähtden garaýyşlaryny beýan edilipdir. Doxograflar bilen bir hatarda ýene-de, filosofiýanyň taryhyny filosoflaryň durmuş ýollary jähtden beýan edýän biograflaryň eserleri hem bolupdyr. Olardan häzirki döwrümize gelip ýeten işderlerden iň ähmiýetlisi we iň meşhury b.e. 220-nji ýyllarda ýaşap geçen Diogen Laertiniň kitaby hasap edilipdir. Bu iş ýygyndy görnüşinde bolup, has takygy dürli çeşmelerden jemlenen häsiýet eýe bolup, ýöne çeşmeler köneligi-täzeligi taýdan birek-birekden tapawutlanypdyr. Filosofiýa barlyklar barasynda oýlanyşykly, meýilnamalaýyn pikir ýöretmeden emele gelipdir. Öňden bäri jogaplary diňe dinden, miflerden öwrenilen käbir meseleler, belli bir wagt soň tankyt ediji pikirlenmäniň we synag geçirmäniň predmetine öwrülende, filosofiýanyň taryhyna degişli dürli göwrümli eserler emele gelmäge başlapdyr. Bu sowallaryň başynda bolsa barlyklaryň gelip çykyşy, şol sanda älemiň (kosmosyň) emele gelişi bilen ynsanyň bu dünýädäki ornunyň we wezipesiniň nämelerden ybaratdygy barasyndaky sowallar öňe sürülipdir. Ylmy-filosofiki garaýşyň dini garaýyşdan bölünip aýrylyp kemala gelmegi, elbetde, tötänleýin bolmandyr galyberse-de geçiş döwrüni tamamlamaly bolupdyr. Mysal üçin, bir tarapdan grek tebigat filosoflarynyň ilkinji pikir ýöretme synanyşyklaryna köp sanly mifologik elementiň gatyşandygyny görmek bolýar; beýleki tarapdan bolsa iň gadymy filosoflaryň “tebigat barasyndaky” diýlip atlandyrylan eserleri bilen mifler we taňry babasyndaky masallarynyň arasynda belli bir derejede orta basgançaga gabat gelmek bolýar. Bu aralyk basgançak bolsa gadymy ozanlaryň teogoniýalary (taňrylaryň emele gelişi) bilen kosmogoniýalarydyr (älemiň emele gelişi). Bularda taňrylaryň, ýarym taňrylaryň, ynsanlaryň döreýşi barasyndaky köp sanly meseleler beýan edilipdir. Aristotel “Metafizikasynyň” birinji kitabynda, ilkinji filosofiýanyň taryhy bilen baglanyşykly synanyşyklaryndan biri bolan bu taslama işinde şol “Iň gadymy milletleriň”, ýagny gadymy ozanlaryň, bu temalar babatynda gadymy filosoflardan has öň oýlanyşykly çemeleşendiklerini, diňe ylmy häsiýetde däl-de, dine baglylykda pikir ýöredendiklerini aýdýar. “Iň gadymy milletleriň” nusgawy/tipik mysaly hökmünde Gesiody görmek mümkin. Gesiodyň “Teogoniýa” atly eseriniň girişinde “haos” düşünjesi orun eýeleýär. Bu bolsa filosofiki pikir ýöretmäniň peýda bolmaga başlandygyny görkezýän ilkinji alamatlardyr. Gesioda görä, älemde ilki başlarda haos bolupdyr. Haos görnüşi/formasy jähtden “maýyşgak boşluk” diýmekligi bildirýär. Bu bolsa bize ýoklugy, boşlukdan ybarat giňişligi, wagty, soň özünden ähli barlyklaryň emele gelen şol tertipsiz, bulam-bujar massany göz öňüne getiripdir. Bu barlyklaryň öň dörän we barlyklaryň özünden dörän zatlary, görnüşleri bolan ýokluga “akyl ýetiriş” diýip anyklamak üçin edilen ilkinji synanyşykdyr. Bu synanyşykda sap akyl ýetiriş bilen bir zat anyklamak islenýär; bu ýerde miflerden bölünip aýrylma, işiň içine taňrylary we beýleki zatlary gatyşdyrmazlyk meýli ýüze çykarylýar. Gesiod bu ýerde ynançlaryny bir tarapa taşlap, ýörelgelerden öwrenenlerine daýandyrmak isleýär. Gesiod haos bilen bir hatarda iki sany güýç, iki sany prinsip hem öňe sürüpdir: 1. Geýa: giň gabaraly, göwrümli ýer, emele getiriji prinsip; 2. Erot: emele gelmäge kömek edýän erkek prinsip. Bu iki güýç bolsa şahsyýete eýe bolman ýa-da ynsana çalymdaş aýry-aýry kişi bolman, sap akyl ýetirişiň aralygynda orun eýeleýän zatlardyr. Ynha, bu üç sany zatdan, ýagny “Haos”, “Geýa” we “Erot” düşünjelerinden soň taňrylaryň we obýektleriň dürlüligi, köplügi emele gelipdir. Haos özünden “Ereb” (tümlük, gije) bilen “Aitery” (aýdynlygy, gündüzi) ýüze çykarypdyr. Geýa hem öz bagryndan asmany, deňizleri we daglary ýaradypdyr; asman bilen ýer hem taňrylaryň neberesini emele getirýän jübüt hökmünde düşündirilipdir. Gürrüňi edilýän döwürde “kosmos (älem), nireden gelip çykyp, neneňsi emele gelipdir?” sowaly bilen bir hatarda üstünde durulup geçilýän ikinji esasy sowal “ynsanyň bu dünýädäki orny we wezipesi nämeden ybarat? Hakyky ýaşaýyş haýsysy?” diýlip öňe sürülen sowallardyr. Başgaça aýdylanda kosmogoniýa barasyndaky garaýyşlar bilen bir hatarda ýene-de “ethik” barasynda pikir ýöredilendigini görmek bolýar. Bu garaýyşlara bolsa ilkinji bolup, ýedi akyldaryň parasatly sözlerinde, olaryň nusgalyk pikirlerinde gabat gelmek bolýar. Ýedi akyldaryň çeşmelerde getirilýän maglumatlardan gelip ýeten sözlerinden bir-iki sany mysala garalyň. Afinyly Solon (b.e. öň 640-559) “işiň ahyry barasynda pikirlen”; Korinfly Periandr (b.e. öň 627-587) “Gaharyňy ýeňip geç”; Lesbosly Pittak (b.e. öň 650-570) “Hiçbir zatda aşalyga ýol berme”. Bular mälim bolşy ýaly dürs, akylly, oýlanyşykly ýaşamak üçin käbir ögütlerdir. Beýleki tarapdan ýedi akyldaryň garaýyşlarynda taňrylar hem ahlaky güýçler we hakykatyň üsti bilen kanunyň goragçylary hökmünde nygtalypdyr. Emma şol sanda gadymy miflerde hem gaýtalanýar we taňrylar dürli-häsiýetdäki ynsanlara meňzedilipdir. Ýedi akyldar bolsa kosmogoniýanyň ozanlary ýaly, belli bir derejede geçiş döwrüniň tipleridir. Olarda bolşy ýaly bularda hem mifologik fantaziýa bilen ylmy-oýlanyşykly akyl ýetiriş ýüz-ýüze bolup, birek-birege gatyşdyrylyp beýan edilipdir. Teogoniýa-kosmogoniýa ozanlarynyň beýan edenleri bilen ýedi akyldaryň parasatlaryny filosofiki pikir ýöretmelere taýýarlyk hökmünde hyzmat edipdir. Emma mundan soň ylmy akyl ýetiriş dolulygyna dini-mifologik elementlerden arassalanyp, barha özüniň arassa ýagdaýyna baryp ýetipdir. Juda uzak geçmişli baý taryha eýe bolan filosofiýa, mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda durmuşymyzyň her bir pursatynda möhüm ähmiýetli orny eýeleýän ylymlaryň hem enesi hasaplanypdyr. Ynsanlygyň anyklanyp ýüze çykarylan taryhy bize, diniň we mifologiýanyň filosofiýadan hem gadymy taryha eýe bolup durýandygyny, hatda diniň ynsanyň tebigaty özleşdirmäge başlan döwründe yzygider we hemme ýerde hereket edendigini habar berýär, şunlukda din, belli bir derejede pikirlenişiş täri hökmünde ilkinji orny eýeläpdir. Filosofiýada bolsa ýüze çykarylan taryhy maglumatlara görä ýigrimi ýedi asyra ýakynlaşýan uzak ýyllardan bäri, akylyň, aňyň liderliginde ol ýa-da beýleki ýagdaýda, ynsanyň özüni, onuň özüni gurşap alan zatlar we hadysalar barasynda oýlanyşyp düşündirmek babatynda yzygider, üznüksiz iş alnyp barlypdyr. Filosofiýanyň bilinen juda köpdürli we köpugurly başdan geçirenleri bilen musulman ýurtlarynyň düýni we şu güni, bir tarapdan oňaýly, beýleki bir tarapdan oňaýsyz jähtden ýakyndan baglanyşyklydyr. Şeýle bir bir döwür bolupdyr welin, filosofiýa musulman medeniýetinde ýolbaşçylar tarapyndan hem tassyklanypdyr we höweslendirilipdir, tälim we okuw ulgamynyň maksatnamasynda ähmiýetli orun eýeläpdir, emma ýene-de bir döwür bolupdyr ady ýatdan çykaryljak derejä gelip ýetipdir. Her näme bolsa-da biz, musulman filosofiyasy diňe akademik tertibä läýyklykda däl-de, musulman medeniýetiniň çäklerinde eýeleýän orny jähtden häzirki döwrüň ylmy ülňülerine laýyk getirip gaýtadan, ýaňadandan seljermek we garamak zerurçylygy ýüze çykdy. Bu seljeriş amala aşyrylanda bolsa meseläni bir tarapdan magaryfçylar, beýleki bir tarapdan bolsa musulman medeniýeti nukdaýnazaryndan garamaklyk derwaýysdyr. Musulman medeniýetiniň geçmiş taryhynda filosofiýany, medeniýetiň umumy taryhyndan, dünýä siwilizasiýasynyň gymmatlyklaryndan we onuň akyl ýetiriş tejribesinden üzňelikde derňemek dogry hasaplanmandyr. Akyl ýetiriş sistemalary, aslyýetinde, taryhy hadysalary diňe geçmişe gaýtaryp eltmek arkaly düşündirmegiň we olary oňaýsyz beýan etmegiň tersine belli bir yzygiderlige eýedir. Şol sebäpden, musulman medeniýetine bolup geçen, tamamlanan akyl ýetiriş ulgamy hökmünde garalmaly däldir. Musulmançylykdan daşgary medeniýetler we garaýyşlar, ylaýta-da, soňky iki asyryň dowamynda musulman medeniýetini ünsden düşüripdirler, muny etmek üçin bolsa diňe bir harby, ykdysady we syýasy ugurlar bilen çäklenilmändir. Bu üç elementiň özeninde, elbetde, medeniýet hökmürowanlygyny esasy orny eýeläpdir. Bu ýagdaýyň emele gelendigine garamazdan, öz milli taryhymyzyň köklerine dolanyp barmak, taryhyň we ähli nsanlyk siwilizasiýasynyň hatarynda işjeň hereket etmgi doly ýola goýmak üçin bolsa, milli akyl ýetiriş we asylly gymmatlyklar ulgamyny düýpli we takyk görnüşde ýüze çykarmak derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Bu pikir ýöretmeler soňky ýarym asyrdan gowrak wagtdan bäri aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Çünki ylmyň ähli ugurlarynda diýen ýaly dünýä döwletleri bilen deňeşdirilende has ýokary derejelere baryp ýeten Günbatar ýurtlary häzirki wagtda, öz yklymlarynyň çäklerinden daşardaky halklaryň medeni taryhyny öwrenmegiň derwaýysdygyna magat göz ýetiripdirler. Şol sebäpden ýewropaly alymlar musulman halklarynyň gymmatlyklary we akyl ýetiriş özboluşlygy bilen düýpli gyzyklanyp başlapdyrlar. Türkmen halkynyň filosofik we jemgyýetçilik pähim-paýhasy, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýandygy filosofiýanyň taryhyny öwrenijileriň hemmesine mälim bolsa gerek. Onuň başlangyjyny yslamdan has öňki dinlerden biri bolan zarastrizmden (otparazlykdan) gözbaş alyp gaýdýandygy dürli alymlar tarapyndan beýan edilipdir. Türkmen halkynyň filosofik we jemgyýetçilik pähim-paýhasynyň taryhy, täjikleriň, özbekleriň we Orta Aziýanyň beýleki halklarynyň filosofik ýörelgelerinden aýry hasaplanmandyr, olar özleriniň sebit, etnik we ruhy bitewiligi we umumy taryhy özboluşlygy bilen birek-birek bilen hemişe baglanyşyp gelipdir. VI-IX asyrlarda Türkmenistanyň häzirki territoriýasynda feodal jemgyýetçilik gatnaşyklaryň ýüze çykmaga başlan döwri hasaplanypdyr. Orta Aziýanyň tutuş hemme sebitlerinde feodal jemgyýetçilik gatnaşyklary örän uly ähmiýete eýe bolupdyr. Şol döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky gapma-garşylyklar Mazdagyň dualist (ikiji) dini filosofik doktrinasynda özüniň ideologik beýanyny tapan daýhanlaryň, ylaýta-da, Mukanna hereketiniň gaýduwsyz antifeodal häsiýetde garşylyk görkezmegine getiripdir. Orta Aziýanyň, şol sanda häzirki Türkmenistanyň çäklerinde filosofik we jemgyýetçilik paýhasyň öňde baryjy wekillerinden, b.e. 610-njy ýylyndan soň ýaşap geçen Barzuýe (takmynan V-VI asyrlarda), Harezmi (780-850), Faraby (872-950), Ibn Sina (980-1037) we Biruni (973-1048) ýaly akyldarlary sanamak bolar. XVIII asyrda türkmen halkynyň nusgawy şygyr, dil, edebiyat ýaly pudaklaryň we sosial-filosofik aňyýetiň özgermegi hem-de gülläp ösmegi türkmen halkynyň milli şahyry we akyldary Magtymgulynyň ady bilen gönümel baglanyşdyrylypdyr. Hywada dini tälim alandan soň Magtymguly bir tarapdan Ahmet Ýasawynyň sopuçylyk mekdebiniň (XII asyr) beýleki bir tarapdan bolsa Omar Haýýam, Hafyz, Nesimi ýaly akyldarlaryň filosofik garaýyşlaryňyň gutulgysyz täsirine sezewar bolupdyr. Olaryň, hususan-da, fatalistik we skeptik garaýyşlary Magtymgulynyň dünýä garaýşynyň esasy özenini we mundan beýläkki ugruny kesgitlemekde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Munuň bilen bir hatarda, onuň içki dünýäsinde emele gelen umytsyzlygy, dünýäniň panylygy barasyndaky sopuçylyk prinsipine daýanýan düşünjä ynanýandygy bilen däl, şol döwürde halka adalatsyz çemeleşilmegi netijesinde emele gelen zulum aradan aýrylmasa haýsydyr bir zady üýtgetmäniň mümkin däldigini beýan edipdir. Magtymguly türkmen halkynyň adalata bolan küýsegini şygyr bilen düşündirmegi özüniň boýnunyň borjy hasaplapdyr we magaryfçylaryň ylham çeşmesi bolup hyzmat edipdir. XVIII asyryň ahyrlarynda we XIX asyryň birinni ýarymynda adalatsyzlyga, deňsizlige we hakykaty ýoýýanlaryň garşysyna filosofik we sosial paýhasy öňe süren şahyrlaryň ýene-de biri Mämmetweli Kemine, Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili, Mollanepes we beýlekiler kämilleşdiripdirler. Kemine (1770-1840) tebigatyň kanunalaýyklygyna akyl ýetirmegiň mümkindigini subut edip, ynsan aňynyň ukyplaryny ýüze çykarmakda düýpli pikirleri öňe sürüpdir we ynsan aňynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekipdir. Keminäniň filosofik häsiýetli garaýyşlarynyň esasy ugry sosial adalatsyzlygyň, halka edilýän sütemiň aradan aýrylmagy üçin jemgyýetiň terbiýelenmegini, olaryň nadanlyk we sowatsyzlyk ýaly ýetmezçiliklerden saplanmagyny üpjün etmek bilen baglanyşdyrylypdyr. Şahyrlygy we akyldarlygy bilen tapawutlanan Seýitnazar Seýdi bolsa (takmynan 1836-1774) adalatsyzlygy we deňsizligi jemgyýetiň düzüminde doly aýyrmak maksady bilen dagynyk ýagdaýda ýaşaýan türkmen tirelerini birleşdirmek we olaryň esasynda döwlet döretmek ugrunda täze garaýyşlary şygyr setirleriniň üsti bilen beýan edipdir. Şol sanda şahyr döwrüniň adalatsyz hökümdarlaryna we halkyň agzyny alardýanlaryň pähimsiz şowsuzlyklaryna gaýduwsyzlyk bilen tankydy garaýyşlar bilen çykyş edipdir. Seýdiniň döwürdeşi, şahyr Zelili (1795-1850) şygyrlarynda jemgyýetçilik adalatsyzlyga we deňsizlige garşy çykypdyr, ylaýta-da, terkidünýä pikire eýerýänleriň hatalaryny ýüze çykarypdyr. Şahyr Mollanepes (1810-1862) bolsa döwrüniň ýolbaşçy gatlagynyň özlerini jogapkärçiliksiz alyp baryşlaryny ýazgaryp çykyş edipdir. Jemgyýeti ugrukdyrýan adamlaryň alyp barýan syýasatlaryny tankyp edipdir we jemgyýetçilik gatnaşyklarynda emele gelen deňsizlige sebäp bolan düzgün bilen baganyşykda yzygider çykyş edip gelipdir. XIX asyryň ortalarynda türkmen halkynyň başyndan geçiren kynçylyklary we olaryň küýseglerini Misgingylyç, Mätäji, Kätibi we beýlekiler tarapyndan açykdan-açyk beýan edipdirler. XIX asyrlaryň 80-nji ýyllarynda Türkmenistan Russiýa birikdirilýär. Bu ýagdaý bir tarapdan sebitiň öňden gelýän syýasy we ykdysady taýdan özgermegine, sözda gatnaşyklarynyň gaýtadan reformirlenmegine we öndüriji güýçleriň ösmegine getiripdir we türkmen tireleriniň liderleri rus patyşalygynyň üsti bilen medeni we syýasy gatnaşyklary ýola goýmaga girişipdirler. XX asyryň başlarynda Zakaspi oblastynda işçiler synpynyň hereketi döräp başlapdyr we marksizm-leninizm ideologiýasy Türkmenistanyň çäklerinde giňden ýaýramaga başlapdyr. Eýerijileri marksizmiň klassyklaryň eserlerini içgin öwrenipdirler we olaryň mazmunyndaky garaýyşlary jemgyýetiň ähli gatlaklaryna ýaradýan dürli jemgyýetçilik toparlary we gurnaklar döredilipdir. Türkmenistanda marksizmiň ideologiýasynyň ýaýramagynda sürgüne ugradylan bolşewikleriň wekilleri bolsan D.W.Polunans, A.M.Haçiýew, I.T.Fioletow, W.T.Bakradze we beýlekiler uly orun eýeläpdirler. Poluýans, mysal üçin, liberal gazetleriň biri bolan “Ashabad” atly gazetde takmynan 250-den gowrak makala çap edipdir we marksist-leninist ideologiýanyň ýaýramagy ugrunda wagyz geçiripdirler. Oktýabr sosialistik rewolýusiýanyň şowly amala aşmagy netijesinde türkmen halky, taryhy taýdan feodal syýasy gurluşdan sosialistik gurluşa geçipdir. Sosialistik syýasy gurluşa kapitalistik gurluşdan sowa geçmek arkaly şol täze gurluşa geçişi amala aşyrypdyr. Türkmenistandaky marksist-leninist ideologiýasynyň wekilleri, panislamizm we pantürkizm ýörelgelerine eýermek bilen aýyplanan O.Wepaýew, A.Gulmuhammedow, Ferid Efendi we beýlekileri reaksioner ideologiýasyna hem-de musulman ideologiýasyna gulluk edýändikleri sebäpli yzarlapdyrlar. Hatda milletçilige garşy alnyp barlan göreşde olar juda ýowuz daralypdyr. Türkmen halkynyň ýaş oglanlaryndan Russiýanyň esasy şäherlerinde tälim alan şahsyýetlerini, hususan-da, K.Berdiýew. N.N.Ýomudskini Peterburg uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlanlaryny görmek bolýar. A.Garahanowa, M.Geldiýewa Ufa şäheriniň orta mekdebinde tälim alypdyr. A.Tekinskaýa bolsa Moskwanyň Ýelizaweta adyndaky institutynda, D.Ýomudskaýa Tiflisdäki aýallar kursyny tamamlapdyr. Bu ýerde ýende-de bellemeli meseleleriň biri O.Wepaýew, S.Berdyýew, A.Gulmuhammedow we O.Şamyradow ýaly ýaşlar osmanly Türkiýesinde tälim alypdyrlar. Türkmen ýaşlarynyň aglaba bölegi bolsa Daşkent şäherinde ýerleşýän Türküstan mugallymçylyk seminariýasynda okapdyr. Çary Wellekow, Gurban Sähedow, Oraz Täşnazarow, Hojanepes, Çaryýew we milli magaryfçylar pantürkizmiň eýerijileriniň wekilleriniň özüne çekiji wagyzlaryna eýerijileri reaksioner diýip aýyplap, olaryň ýüze çykmagyna hyzmat edipdirler. Pantürkist ideologiýanyň eýerijileri “ähli türkileriň ýeke-täk millet bolmaklygy”, “türki dilli halklaryň arasynda synpy bölünşigi aradan aýyrmak” üçin sosialist türkmen medeniýetiniň esaslandyrylmagy ugrunda göreşipdirler. Täze medeniýetiň ýerleşmegi ugrunda iş alyp baranlaryň hatarynda ähmiýetli orny eýelänleriň sanawynda häzirki zaman türkmen edebiýatynyň ilkinji wekilleri Körmolla, Mollamurt, Durdy Gylyç, Ata Salyh ýaly şahyrlaryň atlary agzalyp geçilipdir. Şol döwürde ýerli häzirki zaman partiýa metbugaty marksist-leninist ideologiýanyň ornaşdyrylmagynda uly orun eýeläpdir. Mysal üçin Türkmenistanyň respublikan gazetleri bolan “Sowet Türkmenistany” (“Совет Туркменистаны”. 1920) “Türkmenskaýa iskra” (“Туркменская искра”. 1924), “Bolşewik” (“Большевик”. Soň “Туркменистан коммуниста” diýlip atlandyrylypdyr. 1925), “Turkmenowedeniýe” (“Туркменоведение” 1927) we beýlekilerde dürli mazmundaky makalalaryň terjimeleri bilen bir hatarda marksizm-leninizmiň klassyklaryny neşir edilipdir. Sowet häkimýetiniň syýasy düzgüni beýan edilipdir we SSSR-iň doganlyk halklarynyň arasyndaky jebislik we internasional bitewilik barasyndaky ideýasy wagyz edilipdir. Türkmenistanda marksist-leninist filosofiýanyň wagyz edilmeginde kommunistik partiýanyň we sowet häkimýetiniň Frunze, Kuýbyşew, Kalinin ýaly wekilleri esasy orny eýeläpdir. XX asyryň 20-nji ýyllarynyň ortalarynda marksizm-leninizmin klassyk eserleriniň aglabasy türkmen dilinde neşir edilip başlanypdyr. XX asyryň I çärýeginde, has takygy 1925-nji ýylda türkmen diline ilkinji bolup, Leniniň biografiýasy we “Ýaşlar geňeşiniň wezipeleri” (“Задачи союзов молодежи”) atly eseri neşir edilipdir. XX asyryň 30-njy ýylarynyň başlarynda Leniniň teoretik we aktual praktik meseleler bilen baglanyşykly birnäçe kolleksiýasy neşir edilipdir. 1931-nji ýylda kommunistik partiýanyň manifestosy terjime edildi we neşir edildi. Marksizm-leninizm klassyklarynyň eserlerini terjime etmek we olary neşir etmek işi sistematik görnüşde has hem ýaýbaňlandyrylyp ugrapdyr we Türkmenistanyň çäginde sowet soýuzynyň kommunistik partiýasynyň merkezi komitetiniň düzüminde (1949) “IMEL” (“ИМЭЛ” - Институт Маркса, Энгельса, Ленина) şahamçasy işe girizilipdir. Şol ýyllarda Türkmenistanda W.I.Leniniň eserleriniň ýygyndysy (1-40 tomy. 1953-1966) bilen bir hatarda K.Marksyň we F.Engelsiň iň esasy işleri türkmen dilindäki terjimeleri neşir edilipdir. Sowet häkimýet ýyllarynda, hususan-da, Ikinji Jahan urşy ýyllarynyň yzysüre marksist filosofiýanyň kadrlarynyň sany iňňän artyp başlapdyr. Şol sanda filosofik guramalar işe girizilipdir. Mysal üçin, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň filosofiýa bölümi; Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ylmy ateizm şahamçasy, sosial barlaglar ölümi, Türkmen döwlet uniwersitetiniň (1950) dialektik we taryhy materalizm kafedrasy, Türkmen döwlet pedagogik institutynyň (1960) filosofiýa bölümi, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň aspirantura bölüminde we Politehnik institutyň düzüminde (1965) marksist filosofiýanyň yzygider öwredilendiginiň görmek bolýar. Lukmançylyk we Oba hojalyk institutlarynyň marksizm-leninizm filosofiýa kafedralarynda hem filosofik barlaglaryň ýaýbaňlandyrylandygyny görmek bolýar. 1960-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynda we Türkmenistanyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde takmynan 50-den gowrak marksit-leninist filosofiýa boýunça hünärmen işläpdir we olar 20 sanysy filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, biri bolsa filosofiýa ylymlarynyň doktory diýen derejä eýe bolupdyr. Türkmenistanyň şol döwürdäki filosofiýa hünärmenleri türkmen halkynyň filosofik we jemgyýetçilik aňynyň taryhynyň özgermegine uly täsir ýetiripdirler we sosialistik jemgyýetiň formirlenmegine işjeň gatnaşypdyrlar. Olardan mysal hökmünde, G.Çaryýew, N.Kulyýew, K.Kärizow, K.Akmyradow, T.Hydyrow, K.Mülliýew, G.Akynyýazow ýaly filosofiýa hünärmenleriniň atlaryny sanamak bolar. XX asyryň 60-njy ýyllaryndan soň marksist-leninist estetikanyň meseleleri G.Çaryýew, I.Sosonkin we beýlekiler tarapyndan kämilleşdirilipdir. Häzirkizaman tebigat ylymlarynyň filosofik meseleleri barasynda köp sanly ylmy işleri G.Çaryýew, D.Ataýew, W.Mollakow we beýlekiler ýaly hünärmenler taýynlapdyrlar. Buržuaz filosofiýasynyň we sosiologiýasynyň tankydy bilen baglanyşykly köp sanly işiň taýýarlanylmagynda K.Nowoselow, A.Çerkaşin we beýlekiler çykyş edipdirler. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň filosofiýa bölümi tarapyndan “Gadym döwürlerden häzirki döwrümize çenli Türkmenistanda jemgyeýtçilik-syýasy filosofik aňyna degişli oçerkler” (“Очерки философской общественно-¬политической мысли в Туркменистане с древнейших времен до наших дней”) atly ýygyndylardan ybarat iş neşir edilipdir. Bu kiçijik göwrümli işimizde gysgaça beýan etmäge synanyşylan taryhy maglumatlaryň üsti bilen ýiti üşükli talybyň ünsüni özüne çekmäge we okyjydaky gyzyklanmagy oýarmaga hyzmat etmegi maksat edindik.

pFad - Phonifier reborn

Pfad - The Proxy pFad of © 2024 Garber Painting. All rights reserved.

Note: This service is not intended for secure transactions such as banking, social media, email, or purchasing. Use at your own risk. We assume no liability whatsoever for broken pages.


Alternative Proxies:

Alternative Proxy

pFad Proxy

pFad v3 Proxy

pFad v4 Proxy